Türkmenistanyň Şweýsariýa Konfederasiýasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Wepa Hajyýew 15-nji ýanwarda ýurduň Prezidenti hanym Karin Keller-Zutter tarapyndan guralan Täze ýyl dabarasyna gatnaşdy.
W.Hajyýew Türkmenistanyň Hökümetiniň adyndan Şweýsariýanyň Prezidentiniň wezipesine girişmegi bilen tüýs ýürekden gutlady. Bu barada Türkmenistanyň diplomatik bölüminiň metbugat gullugy habar berdi.
Çeşmäniň habaryna görä, Karin Keller-Zutter türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowa we Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa iň gowy arzuwlaryny iberdi.