Aşgabatda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Hytaý Halk Respublikasynyň daşary işler ministriniň kömekçisi Lýu Biniň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-iniň metbugat gullugy habar berdi.
Taraplar halkara we sebit gurluşlarynyň, ilkinji nobatda, BMG-niň çäginde Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky üstünlikli hyzmatdaşlyk barada durup geçip, köp sanly meselä garadylar.
«Merkezi Aziýa — Hytaý» görnüşindäki döwletara dialoga uly ähmiýet berilýändigi nygtaldy. Bellenilişi ýaly, parlamentara gatnaşyklar pugtalanýar hem-de sebitara hyzmatdaşlyk hem täze itergi alýar.
Söhbetdeşler söwda-ykdysady ugurda netijeli hyzmatdaşlyga ünsi çekip, energetika, ulag we aragatnaşyk hem-de medeni-ynsanperwer ulgamlarda bilelikdäki işleriň ýerine ýetirilişini seljerdiler diýlip, çeşmede bellenilýär.
Ýeri gelende ýatlatsak, mundan ozal Aşgabatda türkmen-hytaý DIM-ara geňeşmeleriň geçirilendigini habar beripdik.