Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanly mekdep okuwçylary Gazagystanda geçirilýän halkara olimpiada gatnaşýarlar

10:3715.01.2025
0
16362

Türkmenistanly mekdep okuwçylary Gazagystanda geçirilýän halkara olimpiada gatnaşýarlar. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär.

Çeşmede bellenilişine görä, Gazagystanyň Respublikasynyň Magaryf ministrliginiň «Daryn» ylmy-tejribe merkezi tarapyndan matematika, fizika we informatika dersleri boýunça 21-nji Halkara Žautykow olimpiadasy geçirilýär. Bu olimpiada Türkmenistan bilen bir hatarda Azerbaýjan Respublikasynyň, Bolgariýa Respublikasynyň, Belarus Respublikasynyň, Ermenistan Respublikasynyň, Gruziýa Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Mongoliýa Respublikasynyň, Rumyniýanyň, Russiýa Federasiýasynyň, Täjigistanyň Respublikasynyň we Özbegistan Respublikasynyň mekdep okuwçylary gatnaşýarlar.

Türkmenistanyň milli ýygyndysynda 21 sany mekdep okuwçysy bu bäsleşikde öz zehin başarnygyny görkezmek üçin synanyşýarlar.

13-nji ýanwarda badalga alan bu halkara olimpiada 17-nji ýanwarda tamamlanar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň