Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi döwlet emläginiň kärendesine berilmeginiň şertnamalaryny bellige almagyň Tertibine möhüm üýtgetmeleri girizdi. Indi şertnamalary bellige almak, olara üýtgetmeleri girizmek we möhletini uzaltmak döwlet edaralaryndan we kärhanalaryndan başga ähli kärendeçiler üçin tölegli esasda amala aşyrylar.
Türkmenistanyň hukuk portalynyň habar bermegine görä, degişli üýtgetmeler ýurdumyzyň maliýe we ykdysadyýet ministriniň 2024-nji ýylyň 27-nji noýabrynda çykaran 240-iş belgili buýrugy bilen tassyklandy. Resminama 2020-nji ýylyň ýanwarynda tassyklanan döwlet emläginiň kärendesine, mugt peýdalanmaga (ssuda) şertnamalaryny bellige almagyň hereket edýän Tertibine üýtgetmeler girizýär.
Täze girizilen kadalar «Hukuk namalary hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 30-njy maddasynyň we «Kärhanalar hakynda» Türkmenistanyň Kanunyň 38-nji maddasynyň esasynda işlenip taýýarlandy.