Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Zoran Milanowiç Horwatiýada Prezident saýlawlarynda ýeňiş gazandy

09:1414.01.2025
0
12209
Zoran Milanowiç Horwatiýada Prezident saýlawlarynda ýeňiş gazandy
Surat: mir24.tv

Horwatiýada Prezident saýlawlarynyň ikinji tapgyry geçdi. Ýurduň häzirki döwlet Baştutany Zoran Milanowiçiň saýlaw býulletenleriniň 100 göterimi sanalanda, 74,68 göterim (1 122 859 saýlawçy) ses alandygy belli boldy. Bu barada Horwatiýanyň saýlaw toparyna salgylanýan «MIR 24» ýazýar.

Saýlanan Prezident öz ýeňşi barada çykyşynda saýlawlaryň jemini özüniň soňky bäş ýyldaky işiniň raýatlar tarapyndan goldanylmagynyň nyşany hasaplaýandygyny belledi. Onuň garşydaşy, öňki bilim ministri, Horwat demokratik arkalaşygynyň (HDZ) wekili Dragan Primoras ýeňlendigi ykrar edip, saýlawçylaryň erkine hormat goýmalydygyny nygtady.

29-njy dekabda geçen tapgyrda Milanowiçe gaýtadan saýlanmak üçin sesleriň 1 göterimden hem az bölegi ýetmedi. Şonda dalaşgärleriň hiç birisi hem 50 göterim ses gazanmady we saýlawlaryň ikinji tapgyr bellendi.

Zoran Milanowiç Horwatiýanyň Prezidenti wezipesini 2020-nji ýylyň fewralyndan bäri eýeläp gelýär. Ol öň Sosial-demokratik partiýa ýolbaşçylyk etdi.

Horwatiýanyň Prezidenti bäş ýyl möhlete saýlanyp, esasan, wekilçilikli wezipäni ýerine ýetirýär, içerki we daşary syýasat ýaly möhüm meseleler Hökümetiň gözegçiligindedir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň