Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Türkmenistanda adam söwdasyna garşy hereket etmek boýunça 2025 — 2029-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy» tassyklandy

20:3010.01.2025
0
24700

Türkmenistanda adam söwdasyna garşy hereket etmek boýunça 2025 — 2029-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy tassyklanyldy. Meýilnamanyň çäreleriniň ýerine ýetirilmegi üçin jogapkär edaralara onuň ýerine ýetirilişine yzygiderli gözegçilik etmek tabşyryldy. Prezident Serdar Berdimuhamedow şu gün --- 10-njy ýanwarda geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda degişli Karara gol çekdi. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, resminama Türkmenistanda adam hukuklaryny we azatlyklaryny kepillendirmegiň, üpjün etmegiň we goramagyň döwlet ulgamyny pugtalandyrmak, şeýle hem adam hukuklary boýunça ýurduň halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmek we ynsanperwer ulgamda halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek, adam söwdasynyň dünýäde iň ýiti wehimleriň biri hasaplanylýandygyny nazara alyp, milli derejede onuň öňüni almak bilen bagly işleri üns merkezinde saklamak maksady bilen kabul edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň