Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

8-nji ýanwarda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti

15:5708.01.2025
0
17003

Türkmenistanyň Prezidenti HHR-niň Başlygyna gynanç hatyny iberdi, Türkmenistanda hususy gury ýük gämisiniň gurluşygyna girişildi, niderland agrosenagat kompaniýalarynyň wekiliýeti Türkmenistana gelip gördi we beýleki habarlar

Türkmenistanda

1. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hytaýyň günorta-günbatar sebitinde bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelere getiren ýertitreme zerarly Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine gynanç hatyny iberdi. Döwlet Baştutany şu agyr pursatda gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan ýürekden gynanjyny, medet beriji sözlerini, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdi.

2. Türkmenbaşy Halkara deňiz portundadaky «Balkan» gämi gurluşyk we gämi abatlaýyş zawodynda ýük göterijiligi 6100 tonna barabar bolan iki sany türkmen gury ýük gämisiniň ilkinjisiniň kilini goýmak dabarasy geçirildi. Gury ýük gämileriniň gurluşygy Günorta Koreýanyň «Koryo Shipbuilding Industry Technology Co., Ltd.» (KSIT) kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda alnyp barylýar. Dabara «Balkan» zawodynyň ýolbaşçylary we «KSIT» kompaniýasynyň prezidenti Çhwe Ýon Uk gatnaşdy. 2023-nji ýylyň sentýabr aýynda «Balkan» we «KSIT» ýük göterijiligi 6100 tonna bolan iki sany gury ýük gämisini bilelikde gurmak barada ylalaşyga gol çekipdiler.

3. «East-West Trade» kompaniýasynyň ýolbaşçylygynda Niderlandlaryň öňdebaryjy agrosenagat kompaniýalarynyň altysynyň wekiliýeti Türkmenistana sapar bilen geldi. Bu sapar agrosenagat pudagynda bar bolan hyzmatdaşlygy ösdürmek, öňdebaryjy tehnologiýalary alyşmak we hyzmatdaşlyk aragatnaşyklaryny giňeltmek maksady bilen guraldy.

4. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Saud Ösüş gaznasynyň Baş ýerine ýetiriji dolandyryjysy Sultan Abdulrahman Al-Marşady kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn maliýe-ykdysady hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Döwlet Baştutany halkara maliýe guramalary bilen dialogy ösdürmäge möhüm ähmiýet berilýändigi aýdyp, Saud Ösüş gaznasy bilen özara gatnaşyklaryň ýokary derejesini kanagatlanma bilen belledi.

5. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Belarusyň Türkmenistanda täze bellenen ilçisi Stanislaw Çepurnoýdan ynanç hatyny kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Belarusuň doly ygtyýarly wekiliniň ikitaraplaýyn netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga we ösdürmäge hemmetaraplaýyn ýardam etjekdigine ynam bildirdi.

6. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň Tebigat we ülkäni öwreniş bölüminiň sergisinde kömeleklere bagyşlanan täze tekje peýda boldy. Bu ýerde ýurduň çäginde duş gelýän kömelekleriň nusgalary görkezilýär.

Dünýäde

7. Hytaýyň Merkezi telewideniýesiniň soňky maglumatlaryna görä, Tibetdäki ýertitremesi 95 adamyň aradan çykmagyna sebäp boldy, ýene 130 adam dürli agyrlykda şikes aldylar. Ýerli wagt bilen irden 10 kilometr çuňlukda 6,8 magnitudaly ýertitreme hasaba alyndy. Esasy sarsgyndan soň 49 gezek afterşok hadysalary dowam etdi. Ýerasty titremeler Hytaýyň serhedinden has uzakda, goňşy Nepalda, Hindistanda, Butanda we Bangladeşde hem duýuldy.

8. Saud Arabystanyndaky musulmanlar üçin mukaddes şäherler bolan Mekgede we Medinede güýçli ýagyş ýagyp, şäherleriň köçelerinde güýçli akymlar peýda boldy. Ýagdaý örän çynlakaý bolansoň, ýurduň meteorologiýa gullugy iň ýokary, «gyzyl» howa howpy duýduryşyny bermäge mejbur boldy.

Sport habarlary

9. Belarusyň «Witebsk» topary Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň goragçysy Wepa Jumaýew bilen şertnamanyň möhletiniň uzaldylýandygyny habar berdi. 24 ýaşly futbolçy bilen baglaşylan şertnama 2025-nji ýylyň gyşyna çenli hereket eder. Wepa Jumaýew 2024-nji ýylyň fewralynda «Energetik-BGU-dan» «Witebske» geçdi. Geçen möwsüm ol Belarusyň çempionatynda meýdançada 397 minut geçirdi we bir gol pasyny berdi.

10. Özbegistanyň çempionatynda çykyş edýän «Surhan» futbol kluby türgenleşik ýygnanyşygynda Türkmenistanyň «Ahal» toparynyň garşydaşy bolar. Duşuşyk 2-nji fewralda Türkiýede geçiriler, bu ýerde Welsähet Öwezowyň şägirtleri gyşky okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirerler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň