Ahal welaýat kitaphanalarynda 2024-nji ýylda netijeli işler alnyp baryldy. Geçen ýylda welaýat kitaphanasy, etraplaryň merkezi kitaphanalary we olaryň şahamçalary boýunça täze ýazylýan okyjylaryň sany 9900-den geçip, hasapda duranlary 116 müň 667-ä ýetdi. Bu görkeziji, ozalky ýyl bilen deňeşdirilende, ep-esli köpdür diýlip, «Türkmenistan» gazeti tarapyndan habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, geçen ýylda kitaphanalaryň gaznalary sazlaşykly baýlaşdy. Hasabat döwründe «Galkynyş» kitap merkezinden täze neşirleriň tapgyrlaýyn gelip gowuşmagy bilen, gaznalaryň üsti ýetirilip, onuň umumy sany 448 müň 580-den geçdi. Şol döwürde dürli mazmunly kitaplaryň 433 müňden gowragy, şol sanda syýasy neşirleriň 70 müňden, çeper edebiýatlaryň 148 müňden, çagalar edebiýatlarynyň 127 müňden, beýleki neşirleriň 87 müň 900-den gowragy okyjylar tarapyndan okamaga alyndy.
Kitaphana hünärmenleri tarapyndan ýylyň dowamynda dürli mazmunly neşirleriň onlarçasy elektron kataloga salyndy diýlip, habarda bellenilýär.