Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly nobatdaky Hökümet mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň birnäçe meselelerine garaldy diýip, Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.
Bellenilişi ýaly, ilki bilen, Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa söz berildi. Ol milli kanunçylygy mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada maglumat berdi. Şunda täze kanun taslamalaryny taýýarlamak boýunça we hereket edýän kanunçylyk namalaryna döwrebap üýtgetmeleri hem-de goşmaçalary girizmek bilen baglanyşykly işleriň alnyp barylýandygy barada aýdyldy. Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň döwlet gullukçylarynyň hünär derejesini ýokarlandyrmak ugry boýunça okaýan diňleýjileri üçin guralan önümçilik tejribe okuw sapagy barada aýdyldy. Daşary ýurtlaryň parlamentleri we abraýly halkara guramalar bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmek maksadynda ýerine ýetirilen işler barada hem bellenildi.
Döwlet Baştutany häzirki zamanyň talaplaryna laýyk gelýän täze kanun taslamalaryny işläp taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işleri mundan beýläk-de dowam etdirmegiň möhümdigini belledi.
Soňra wise-premýerler hem-de Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işler, olaryň netijeleri, şol sanda milli ykdysadyýetiň degişli pudaklaryny mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda durmuşa geçirilýän çäreler, ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi, daşary syýasat, halkara gatnaşyklar, degişli ugurlar boýunça öňde boljak çäreler, olara görülýän taýýarlyk işleri barada hasabatlary berdiler.
Hususan-da, hasabatlarda degişli ugurlar, toplumlar boýunça 2025-nji ýyl üçin iş meýilnamalarynyň taslamalary barada aýdyldy.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, ýurduň dürli toplumlarynda, milli ykdysadyýetiň pudaklarynda alnyp barylýan işler, öňde boljak çäreler, pudaklary mundan beýläk-de ösdürmek ugrundaky wezipeler, halkara gatnaşyklar bilen baglylykda, degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklarydyr görkezmeleri berdi.
Döwlet Baştutany mejlisde agzalan iş meýilnamalaryny makullady we toplumlara gözegçilik edýän ýolbaşçylara bu babatda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Hökümet mejlisiniň ahyrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilendigini we şu ýyl Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň giňden bellenilip geçiljekdigini aýtdy.
Döwlet Baştutany bu şanly sene mynasybetli Türkmenistanda we dünýä döwletlerinde halkara çäreleri geçirmegiň meýilleşdirilýändigini belläp, göz öňünde tutulýan halkara çäreleri ýokary derejede we guramaçylykly geçirmek maksady bilen, degişli Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda, 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk döwlet topary döredildi.
Mejlisde şeýle hem döwlet durmuşyna degişli birnäçe beýleki meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.