Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Arsen Şahuns Aşgabatdaky konsertini durmuşyndaky iň möhüm günleriň biri hasaplaýar

17:3803.01.2025
0
15171

27-nji dekabrda Aşgabatda konsert beren meşhur aýdymçy Arsen Şahuns sosial tordaky hasabynda ýörite post paýlaşyp, şol konsert beren gününi durmuşyndaky «iň täsirli, iň möhüm we iň bagtly gün» diýip atlandyrdy. Konsert Aşgabat şäherindäki Gyşky oýunlar sport toplumynda geçirilipdi.

Çykyşynyň dowamynda aýdymçy Türkmenistan bilen ýakyn arabaglanyşygynyň bardygyny aýratyn nygtady. «Türkmenistanda doglan ermeni hökmünde meniň iki watanym bar — taryhy, ata-babalarymyň ýaşaýan ýeri we doglan ýerim —Türkmenistanyň Mary şäheri» diýip, aýdymçy diňleýjilerine ýüzlendi.

Mundan başga-da, Şahuns özi üçin ýene bir esasy zadyň bardygyny belläp, şeýle diýdi: «ne türkmenler, ne ermeniler, ne-de umuman başga biri menden utanmaz ýaly adaty bir adam bolmak isleýän».

Aýdymçy türkmen paýtagtynda çykyş etmäge döredilen mümkinçilik üçin Türkmenistanyň ýolbaşçylaryna minnetdarlyk bildirdi.

Ýeri gelende bellesek, Arsen Şahunsyň aýdym-saz ýoly sazçylyk mekdebinde akkordeon çalmagy öwrenmekden başlanýar. Ol 2000-nji ýylda ýekelikde aýdym aýdyp başlamazdan ozal, dürli aýdym-saz toparlarynda sazanda bolup çykyş edýär. Meşhur aýdymçy häzire çenli ençeme meşhur aýdym-saz eserlerini öz muşdaklaryna sowgat etdi. Hususan-da, olaryň arasynda «Голубка», «Девочка, Стоп!», «Гудбай, до свидания» ýaly aýdymlar has meşhurdyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň