Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan Stambulda bir zenan bilen gürrüňdeş bolanda, zenan oňa «Gaty garrapsyňyz» diýdi. Olaryň gürrüňdeşliginiň ýazgysy türk sosial ulgamlarynda iň ýörgünli wideo boldy diýip, «rg.ru» ýazýar.
Ärdogan şäheriň Arnawutköý sosial etrabynyň ýaşaýjylary bilen duşuşdy, ýerli zenanlaryň biri ilkibada Prezidenti tanamady, soňra bolsa, garrandygyny aýtdy.
«Hut şeýle. Kim garramaýar? Hemmämiz garraýarys» diýen 70 ýaşly Ärdoganyň sözlerini «RIA Nowosti» getirdi.