Şweýsariýanyň maliýe ministri Karin Keller-Zutter ýurduň täze Prezidenti wezipesinde işe başlady, onuň ygtyýarlylyk möhleti bir ýyl dowam eder diýip, TASS habar berdi.
11-nji dekabrda Şweýsariýanyň Federal ýygnagy (parlament) Keller-Zutteriň 2025-nji ýyl üçin döwlet Baştutany wezipesine saýlanandygyny yglan etdi. Ol wezipede 1-nji ýanwarda Federal bileleşigiň goranmak ministri Wiola Amherdi çalyşdy.
«Aargauer Zeitung» gazetiniň ýazmagyna görä, Keller-Zutter ýurtda iň täsirli syýasatçy hasaplanýar. Britaniýanyň «Financial Times» gazeti ony 2023-nji ýylda ýylyň iň täsirli zenanlarynyň 25-ligine girizdi.
Täze Prezident 1963-nji ýylda doguldy. Sýurihiň uniwersitetini terjimeçi ugry boýunça tamamlady. Soňra pedagogika boýunça aspiranturany okady. 1992-nji ýylda syýasatdaky işine başlamazdan öň, mekdep mugallymy bolup işledi.