Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustin, Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko, şeýle-de Russiýa Federasiýasynyň Howpsuzlyk Geňeşiniň Başlygynyň orunbasary Dmitriý Medwedew Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa gutlag hatlaryny iberip, täze, 2025-nji ýylyň ýetip gelmegi bilen gutladylar we berk jan saglyk, rowaçlyk, dostlukly Türkmenistanyň halkyna bolsa bagtyýarlyk hem-de abadançylyk baradaky arzuwlaryny beýan etdiler. Bu barada TDH habar berýär.
Mihail Mişustin gutlagynda 2024-nji ýylda rus-türkmen gatnaşyklarynyň dostluk hem-de strategik hyzmatdaşlyk ruhunda üstünlikli ösdürilendigini, bilelikdäki tagallalar bilen söwda-ykdysady, maýa goýum we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň giňeldilendigini, dürli ulgamlarda iri taslamalaryň amala aşyrylandygyny belläp, täze ýylda köpugurly hyzmatdaşlygyň has-da ýokary derejä çykaryljakdygyna, geljegi uly täze başlangyçlar üçin amatly şertleriň dörediljekdigine ynam bildirýär.
Walentina Matwiýenko iberen gutlagynda ýetip gelen ýylyň Türkmenistan üçin şatlykly wakalara we hasyl bolan arzuwlara, hoş habarlara hem-de asylly işlere beslenmegini, türkmen döwletiniň Baştutanyna we onuň ýakynlaryna berk jan saglyk, üstünlikler, abadançylyk arzuw edýär.
Dmitriý Medwedew köpugurly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de dowam etdirmegi hem-de iki halkyň Merkezi Aziýada we Hazar deňzi sebitinde parahatçylygyň, howpsuzlygyň bähbidine täze üstünlikleri gazanmagynyň maksat edinilýändigini belläp, Türkmenistanyň Prezidentine tüýs ýürekden berk jan saglyk we rowaçlyk, dostlukly Türkmenistanyň halkyna bolsa bagtyýarlyk hem-de abadançylyk arzuw edýär.