Türkmenistanyň Pensiýa gaznasy hususy telekeçilere 2024-nji ýylyň ikinji ýarym ýyly üçin hasaplaşyk döwrüniň başlanandygyny habar berýär.
Türkmenistanyň «Döwlet pensiýa ätiýaçlandyryşy hakynda» Kanunynyň 23-nji maddasyna laýyklykda, telekeçiler şu ýylyň 1-nji ýanwaryndan 15-nji fewralyna çenli pensiýa töleglerini tölemelidirler.
Bu barada Türkmenistanyň Zähmet we Ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň web sahypasynda habar berilýär.