28-nji dekabrda Aşgabadyň mümkinçiligi çäkli we durmuş goraglylygyna mätäç ýaşaýjylarynyň 30-dan gowragyna şäheriň «Parahat — 7» ýaşaýyş toplumynda gurlan, ähli amatlyklar döredilen döwrebap ýaşaýyş jaýyndan öýleriň açarlary gowşuryldy. Şu mynasybetli geçirilen dabara Aşgabat şäher häkimliginiň wekilleri, hormatly ýaşulular we täze jaýdan öý alanlar gatnaşdylar. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde habar berildi.
Bellenilişi ýaly, dabara gatnaşyjylar täze jaýda döwrebap ýaşamak üçin döredilen şertler bilen tanyşdylar. Her bir öýde täze göçüp gelen maşgalalaryň dogan-garyndaşlary, dost-ýarlary ýygnanyp, şowhunly baýramçylyk ýagdaýy emele geldi. Şanly waka mynasybetli, milli däp-dessurlar berjaý edildi, öýlerde saçaklar giňden ýazylyp, jaý toýlary tutuldy.
Döwrebap ýaşaýyş jaýyndaky öýlerde mümkinçiligi çäkli adamlar üçin ähli şertler döredilipdir.