Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Gresiýada sowuk howa sebäpli elektrik ulaglar ýolda uzyn dyknyşyk döretdi

09:3227.12.2024
0
15813
Gresiýada sowuk howa sebäpli elektrik ulaglar ýolda uzyn dyknyşyk döretdi
Surat: regnum.ru

Gresiýanyň Arahowa dag-lyža şypahanasynda howanyň sowamagy bilen baglylykda, elektrik awtoulaglar näsazlyk tapdy we ýolda köp kilometrlik dyknyşyk döretdi. Bu barada ýerli polisiýa salgylanýan «Regnum» habar berdi.

Ýagdaý 25-njy dekabrda bellenýän Roždestwo baýramy bilen bagly has-da ýitileşdi, sebäbi Gresiýanyň ýaşaýjylary şypahana dynç almak üçin köp bardylar. Ýerli habar beriş serişdeleriniň ýazmagyna görä, käbir elektrik awtoulaglarda taýgançaklyga garşy zynjyr ýok. Üstesine ýollary galyň gar örtdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň