Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Ahal welaýatynda täze gidrotehniki desgalar açyldy

11:5625.12.2024
0
9014
Ahal welaýatynda täze gidrotehniki desgalar açyldy
Surat: turkmenistan.gov.tm

Ahal welaýatynyň Tejen şäherinde kuwwatlylygy bir gije-gündizde 30 müň kub metr bolan suw arassalaýjy desganyň, şeýle hem Ak bugdaý etrabynda kuwwatlylygy bir gije-gündizde 15 müň kub metr bolan lagym suwuny arassalaýjy desganyň açylyş dabaralary boldy. Bu barada TDH habar berýär.

Bellenilişi ýaly, döwrebap gidrotehniki desgalaryň açylyş dabaralaryna Mejlisiň deputatlary, etrap häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, il sylagly ýaşulular, ýaşaýjylar gatnaşdylar.

Täze desgalarda dünýä belli önüm öndürijileriň öňdebaryjy enjamlarynyň ornaşdyrylmagy işleri ýokary derejede alyp barmaga, şol sanda ilaty arassa agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün etmäge mümkinçilik berer.

Döwrebap suw arassalaýjy desga degişli binalardan ybarat bolup, halkara talaplara doly laýyk gelýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň