Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Belgiýa Patyşalygynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Žýulen de Fraýpondan ynanç hatyny kabul etdi.
TDH-niň habar berşi ýaly, milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanynyň adyndan ilçini Türkmenistanda işe başlamagy bilen gutlap, oňa iki ýurduň arasynda dostluk, hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny berkitmegiň bähbidine gönükdirilen jogapkärli diplomatik wezipesinde üstünlikleri arzuw etdi.
Diplomat Belgiýanyň Patyşasy Filippiň Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa hem-de Halk Maslahatynyň Başlygyna iberen mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.
Duşuşygyň dowamynda ilçi türkmen döwletiniň alyp barýan içeri we daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bilen giňişleýin tanyşdyryldy. Milli parlamentiň ýolbaşçysy Türkmenistanda alnyp barylýan giň gerimli özgertmelere daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň gyzyklanmalaryny göz öňünde tutup, türkmen halkynyň bagtyýarlygynyň, rowaçlygynyň bähbidine durmuşa geçirilýän giň gerimli işleriň esasy maksatlary we wezipeleri barada gürrüň berdi. Durmuş ugurly döwlet syýasatyna aýratyn üns çekildi.
Söhbetdeşligiň dowamynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda, iri halkara guramalaryň çäklerinde üstünlikli alnyp barylýan döwletara hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary barada pikir alşyldy.
Türkmen-belgiýa parlamentara gatnaşyklaryny işjeňleşdirmegiň mümkinçilikleri maslahatlaşmalaryň aýratyn meselesi boldy. Bellenilişi ýaly, bu gatnaşyklaryň giňeldilmegi syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer dialogyň işjeňleşdirilmegine ýardam eder.
Duşuşygyň ahyrynda Belgiýa Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Žýulen de Fraýpon iki ýurduň arasynda däp bolan hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmakda hem-de dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de berkitmekde ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.