Moskwadaky meşhur Ermitaž muzeýi tamamlanyp barýan ýylda 3,2 million adamy kabul etdi diýip, bu dünýä belli sungat ojagynyň direktory Mihail Piotrowskiý «Interfax.ru» gullugynyň habarçysy bilen söhbetdeşlikde gürrüň berdi.
Ýolbaşçy muzeýiň işine howp salýan iki zadyň üstünde durup geçdi, olaryň biri emeli aň, beýlekisi sungatyň arkasyndan köp pul gazanmak. Ýagny görnükli medeniýet işgäri eger muzeýe adam köp gelýän bolsa, köp gazanç etmek hem bolar diýen pikiriň sungat öýüniň ruhy dünýäsine, onuň däplerine zeper ýetirýändigini nygtady.