Telefon arkaly söhbetdeşligiň barşynda Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Donald Trampy ABŞ-nyň Prezidenti wezipesine saýlanmagy bilen gutlady. Bu barada «Report» ýazýar.
Tokaýew şeýle-de Gazagystanyň halkara gün tertibiniň has ýörgünli meseleleri babatda garaýşyny beýan etdi.
Gazagystanyň Prezidentiniň metbugat gullugynyň habaryna görä, taraplar söwda, maýa goýum we beýleki ugurlarda strategik hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge eýerýändiklerini tassykladylar.
Tokaýew we Tramp ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini üpjün etmek üçin geljekde-de yzygiderli gatnaşyklary dowam etdirmek barada ylalaşdylar.