Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Kazan durmuşyň hili boýunça Russiýanyň öňdäki şäherleriniň onlugyna girdi

09:4929.11.2024
0
8871
Kazan durmuşyň hili boýunça Russiýanyň öňdäki şäherleriniň onlugyna girdi
Surat: belta.by

RF-niň Tatarystan Respublikasynyň paýtagty durmuşyň hili boýunça rus şäherleriniň sanawynda 10-njy orny eýeledi. Bu ugurda 2023-nji ýylyň ikinji çärýeginiň jemleri boýunça barlaglary RF-niň Hökümetiniň ýanyndaky Maliýe uniwersiteti geçirdi diýip, «Belta.by» ýazýar.

Russiýada durmuşyň hili boýunça birinji orny Moskwa eýeledi, ilkinji üçlüge şeýle-de Groznyý we Sankt-Peterburg şäherleri girdi.

Barlaglarda Kazanyň bilim edaralarynyň işinden şikaýat edýänleriň iň az ýeri hökmünde öňdäki orny eýeländigi bellenýär. Tatarystanyň paýtagty şeýle-de medeni gymmatlyklaryň iň köp ýeri we ýokary hilli bilim berilýän şäher hasap edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň