Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Täjigistan we Maldiwler raýatlar üçin wizasyz düzgünini girizdiler

09:3028.11.2024
0
10472
Täjigistan we Maldiwler raýatlar üçin wizasyz düzgünini girizdiler
Surat: daryo.uz

Nýu-Ýorkda Täjigistan bilen Maldiw adalarynyň arasynda wiza talaplaryny ýatyrmak barada ylalaşyga gol çekmek dabarasy boldy. Resminama Täjigistanyň BMG-däki hemişelik wekili Jonibek Hikmat we onuň maldiwli kärdeşi Ali Nasir Mohamed gol çekdiler diýip, Täjigistanyň DIM-ne salgylanýan «Daryo.uz» habar berdi.

Ylalaşyga laýyklykda, iki ýurduň raýatlary girmek, çykmak, üstaşyr geçmek we 30 güne çenli wagtlaýyn bolmak bilen wizadan boşadylýar.

Resminama ähli degişli içerki döwlet işleri tamamlanandan we diplomatik ýollar arkaly habar alşylandan 30 gün soňra güýje girýär. Ylalaşyk kesgitsiz möhlete baglaşyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň