Awstriýanyň paýtagtynda täsin tapyndynyň üstünden bardylar, ol ýerli santehnigiň durmuşyny başbitin özgertdi. Ýagny gurluşykçy Pensing etrabyndaky köne jaýda suw geçirijini abatlaýarka, agramy 30 kilograma deň bolan altyn şaýylyklary tapdy. Ol indi baýlygyň ýarysyny alar diýip, «The Sun» neşirine salgylanýan «vfokuse.mail.ru» ýazýar.
Santehnik ýerzeminde beton poldan ujy çykyp duran täsin ýüpi gördi, ol poly pili bilen gazyp, beton gatlagynyň aşagynda ýatan, poslap giden metal sandygyň üstünden bardy. Sandygyň içinde meşhur kompozitor Wolfang Mosartyň keşbi zikgelenen köne altyn şaýy pullar bar eken.
Hünärmenler hazyna 2 million funt sterling möçberde baha kesdiler (takmynan 2,4 mln ýewro ýa-da 255 mln rubl). Awstriýanyň kanunçylygyna görä, tapyndydan geljek girdeji tapan bilen gozgalmaýan emlägiň eýesiniň arasynda deň ikä bölünýär, indi santehnik 1 mln funt sterling alar.
Gyzykly ýeri, mundan birnäçe gün öň bu ýerde beýleki hünärmenler işläpdirler, emma olar ýüpi görseler-de, oňa üns bermändirler diýlip, habarda bellenýär.
Altyn pullar Ikinji jahan urşy döwründe gizlenen bolmaly diýlip çaklanýar.
Santehnik özüniň bilesigelijiligi hem-de ugurtapyjylygy sebäpli, maliýe ýagdaýyny gowulandyryp biljekdigine şatlanýar.