Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Dünýäniň garyp ýurtlary her ýyl maýlama garşy göreş üçin 300 milliard dollar kömek alar

11:1125.11.2024
0
13634
 Dünýäniň garyp ýurtlary her ýyl maýlama garşy göreş üçin 300 milliard dollar kömek alar
Surat: mir24.tv

200 töweregi ýurt garyp ýurtlara her ýyl howanyň üýtgemegine garşy göreşmek üçin azyndan 300 milliard amerikan dollaryny bölüp bermek barada ylalaşyk gazandylar. Geleşik Baku şäherinde geçýän BMG-niň «COP29» howa maslahatynda gazanyldy diýip, Birleşen Milletler Guramasynyň saýtyna salgylanýan «MIR 24» ýazýar.

BMG-niň saýtynda ösýän ýurtlaryň trillion dollardan gowrak serişde talap edendikleri we kabul edilen çözgütden nägiledikleri bellenýär. Olar ylalaşylan maliýe serişdelerini meseläni täsirli çözmekde ýeterlik däl diýip hasaplaýarlar.

Emma her niçigem bolsa, ylalaşyk oňlanyldy diýlip, habarda bellenýär.

Mundan başga-da, BMG-niň saýasynda ählumumy uglerod bazary üçin düzgünler hem ylalaşyldy, bazaryň wezipeleri parnik gazlaryň galyndylaryny azaltmak we uglerod karzlarynyň söwdasy arkaly klimatik dostlukly taslamalara maýa goýmak bolup durýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň