Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň ilçisi «Otraženýe» atly sergä gatnaşdy

11:5822.11.2024
0
21237

Türkmenistanyň Russiýadaky ilçisi Esen Aýdogdyýew 16-njy noýabrdan bäri Russiýa döwlet kitaphanasynyň Gündogar edebiýaty merkezinde geçirilýän «Otraženýe» atly çeperçilik we kitap sergisine baryp gördi.

Sergi beýik akyldar we türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanýar. Ol Nury Halmämmedow adyndaky Moskwanyň VIII halkara «Dutaryň owazy» sungat festiwalynyň çäklerinde geçirilen Gündogar poeziýasynyň kitap bezegi boýunça çeperçilik bäsleşigiň jemleýji pursaty boldy. Bäsleşige ussat hem-de höwesjeň suratkeşler gatnaşdylar.

Sergi «Dutaryň owazy» festiwalynyň guramaçylyk komiteti tarapyndan kitaphana işgärleri bilen hyzmatdaşlykda guraldy we Magtymgulynyň baý medeni mirasyny görkezdi.

Bu sungat çäresine çagyrylan myhmanlara gyzykly gezelenç hödürlendi, şol bir wagtda hem kitaphanaçylar Russiýanyň döwlet kitaphanasynda saklanýan Magtymgulynyň eserleriniň seýrek neşirleri barada gürrüň berdiler.

Sergide çeperçilik bäsleşigiň ýeňijileri, şeýle hem bäsleşigiň eminler toparynyň agzalary, şol sanda belli sungat ussatlary: heýkeltaraş, Türkmenistanyň halk suratkeşi Gylyçmyrat Ýarmämmedow, suratkeş we dizaýner Dariý Asadullaýew, şeýle-de Halkara suratkeşler federasiýasynyň agzasy Wladimir Igaýew dagy öz döredijilik işlerini görkezdiler.

«Älem-jahan sözi» atly okyjylar bäsleşiginiň gatnaşyjylary Magtymgulynyň goşgularyny labyz bilen täsirli okadylar.

Çeperçilik we kitap sergisi 16-njy dekabra çenli dowam eder, ýöne mümkin boldugyça köp adamyň Magtymgulynyň baý mirasy bilen tanyş bolmagy üçin, ol 2024-nji ýylyň ahyryna çenli uzaldylyp bilner – diýlip, «Dutaryň owazy» festiwalynyň guramaçylyk komitetiniň metbugat habarynda bellenilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň