Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

BMGÖM Türkmenistana insulin derman serişdesiniň nobatdaky tapgyryny iberdi

17:5119.11.2024
0
22124
BMGÖM Türkmenistana insulin derman serişdesiniň nobatdaky tapgyryny iberdi
Surat: newscentralasia.net

BMGÖM Türkmenistanda ýurduň Hökümetiniň maliýeleşdirmegi bilen ýokanç däl kesellere gözegçilik etmek çärelerini durmuşa geçirmegini dowam etdirýär.

Ýokanç däl keselleriň öňüni almak we bejermek üçin derman serişdelerini bermek baradaky Ylalaşygyň çäginde BMGÖM «Lantus» atly insuliniň nobatdaky tapgyryny Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine iberdi. Umumy möçberi 75 müň sanjymlykdan ybarat bu tapgyryň jemi bahasy 330 müň amerikan dollaryna barabardyr.

Ýeri gelende bellesek, BMGÖM Türkmenistanda 2021-nji ýyldan bäri, ýokanç däl kesellere gözegçilik etmek we bejermek üçin bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirýär. Taslamalaryň umumy bahasy 92 million amerikan dollaryndan gowrak bolup, olar Türkmenistan Hökümeti tarapyndan doly maliýeleşdirilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň