Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Owadan Ülke» ýag we ýag önümleriniň täzelenen assortimentini hödürleýär

11:0028.10.2024
0
20982

«Owadan Ülke» hojalyk jemgyýeti «Nur», «Mylaýym», «Hazyna» hem-de «Esmo» haryt nyşanly ýag we ýag önümlerini hödürleýär.

Ähli zerurlyklar üçin giň assortiment

«Nur», «Мylaýym», «Hazyna» we «Esmo» haryt nyşanly mesge ýaglary — 40%, 60%, 70% hem-de 82% ýaglylyk derejelerinde bolup, dürli islegleri bolan alyjylaryň zerurlyklaryny kanagatlandyrmaga mümkinçilik berýär. Mesge ýaglary bölekleýin sarp edijiler üçin 150 gram we 450 gram agramly amatly gaplamalarda, şeýle hem köpçülikleýin iýmit kärhanalary we azyk senagaty üçin 5kg, 10kg we 20kg önümçilik formatlarynda öndürilýär. Kärhana sagatda 2 tonna çenli önüm öndürmäge ukyplydyr.

Datly tagamy we ysy bilen meşhur bolan saryýag öý üçin 800g, uly bolmadyk önümçilikler üçin 2kg hem-de senagat zerurlyklary üçin 15 kg görnüşlerde öndürilýär. Hususan-da, özboluşly aýratynlyklary we ýokary ýylylyga durnuklylygy sebäpli, bu önüme konditer önümçiliginde, çörek bişirilende hem-de aşpezçilikde uly isleg bildirýär. Munuň önümçilik kuwwaty — sagatda 4,5 tonna çenlidir.

Döwrebap önümçilik we hil gözegçiligi

«Owadan Ülke» HJ-niň önümçilik desgalary Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda ýerleşýär. Zawod ähli önümçilik prosesini awtomatlaşdyrmaga we önümleriň ýokary hilli bolmagyny kepillendirmäge mümkinçilik berýän häzirki zaman nemes enjamlary bilen enjamlaşdyrylandyr.

Kompaniýa HACCP azyk howpsuzlygy we ISO 9001-2015 hil dolandyryş ulgamy ýaly halkara standartlara laýyk gelýär. Bu çig mal saýlamakdan başlap, taýýar önümleriň gaplanyşyna çenli önümçiligiň her bir tapgyrynyň ýokary derejede gözegçilikde saklanylýandygyny aňladýar. Kompaniýanyň öz barlaghanasy bolup, bu ýerde önümçiligiň ähli tapgyrlarynda önümiň hiline gözegçilik edilýär. Bu «Owadan Ülke» HJ-niň önümleriniň ähli zerur bolan standartlara we howpsuzlyk talaplaryna kybap gelmegini üpjün edýär.

«Owadan Ülke» hojalyk jemgyýetiniň «Nur», «Mylaýym», «Hazyna» hem-de «Esmo» ýaly haryt nyşanly ýokary hilli önümlerini ýurduň uly supermarketleriniň we azyk dükanlarynyň tekjelerinden tapyp bilersiňiz. Kadaly paýlaýyş ulgamynyň kömegi bilen, önümler sarp edijiler üçin hemişe elýeterli bolar ýaly söwda nokatlaryna yzygiderli eltilip durulýar.

Habarlaşmak üçin:

  • telefon belgisi: (+993 63) 29 82 28;
  • web saýty: owadanulke.com;
  • elektron poçta salgysy: info@owadanulke.com;
  • sosial media ulgamyndaky sahypasy;
  • TikTok.
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň