25-nji oktýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly nobatdaky Hökümet mejlisini geçirdi. “Watan” habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Hökümet mejlisine türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem gatnaşdy we mejlisiň başynda çykyş etdi.
Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistanyň Prezidentini Tatarystan Respublikasyna amala aşyran iş saparynyň üstünliklere beslenmegi hem-de BRICS sammitine gatnaşmagy bilen gutlady.
Gahryman Arkadag türkmen döwletiniň Baştutanynyň Kazanda BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş bilen duşuşyp, ony ilkinjileriň hatarynda Birleşen Milletler Guramasynyň güni mynasybetli gutlandygyny aýtdy.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy şeýle-de 6-njy sentýabrda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň çäklerinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen hem-de Milletler Bileleşigine agza döwletleriň biragyzdan goldamagynda “Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary” atly Kararnamanyň kabul edilendigini belläp, Türkmenistanyň sport ýurdudygyny nygtady. Türkmen halkynyň Milli Lideri, şunuň bilen baglylykda, halkara sport ýaryşlarynda ýeňiji bolan türgenleri sylaglamak barada tekliplerini aýtdy.
Hökümet mejlisiniň barşynda Prezident Serdar Berdimuhamedow BMG-niň agzalan Kararnamasynyň kabul edilmegi mynasybetli 2-nji noýabrda sport çäresini geçirmegi, hemmeleriň bilelikde, agzybirlikde sagdyn durmuş ýörelgesine eýerip, "Saglyk" ýolundan geçmegini teklip etdi.
"Bu çärede ýylyň dowamynda halkara ýaryşlarda gowy netije gazanan, ýaşyl tugumyzy parladan türgenlerimizi gazanan sport üstünlikleri bilen gutlalyň, mynasyp bolan sylaglaryny dabaraly ýagdaýda gowşuralyň!" diýip, döwlet Baştutany aýtdy.