Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Ermeni şahyry Warujan Hastura Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli ýubileý medaly gowşuryldy

20:1722.10.2024
0
14563

22-nji oktýabrda Ermenistanyň Ýazyjylar birleşiginde Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasyny wagyz etmekde görkezen hyzmatlary üçin, şahyr-terjimeçi Warujan Hastura Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny gowşurmak dabarasy geçirildi.

Dabara Ýazyjylar birleşiginiň başlygy Edward Militonýan, Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetgeldi Aýazow, bileleşigiň agzalary, Ermenistanyň tanymal ýazyjylary, ýurduň sungat we ylmy işgärleri gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky ilçisi Muhammetgeldi Aýazow, beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň degişli Kararyna laýyklykda döredilen hormat nyşanyny gowşurdy.

Ilçi ýygnananlara Magtymguly Pyragynyň diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem filosofiki taglymatlary we şahyrana eserleri bilen dünýä edebiýatynyň görnükli wekilleriniň arasynda-da mynasyp orun eýeleýändigini aýtdy.

Ilçi Aýazow şu ýylyň 10-njy oktýabrynda Aşgabatda daşary ýurt raýatlaryny bu medal bilen sylaglamak dabarasynyň geçirilendigini belläp, şeýle ýokary derejeli sylaga Ermenistanyň Ýazyjylar birleşiginiň agzasy, şahyr, terjimeçi Warujan Hasturyň we Ýerewan döwlet uniwersitetiniň türkologiýa kafedrasynyň dosenti Amalýa Agajanýanyň mynasyp bolandygyny belledi.

Edward Militonýan gutlag çykyşynda Magtymgulynyň beýikligini, parasatlydygyny, zehinlidigini belläp, ermeni ýazyjylarynyň ençemesiniň Gündogaryň beýik akyldar şahyrynyň eserlerini terjime edendigini nygtady. Ol:« Warujan Hasturyň gazananlaryna buýsanýan we şeýle ýokary döwlet baýragyny almagy bilen gutlaýan»-diýip, Warujan Hasturyň ermeni diline terjime eden Magtymgulynyň goşgular ýygyndysy jemlenen kitaby Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa sowgat etdi.

Dabaranyň ahyrynda akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň ermeni diline terjime edilen goşgulary okaldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň