Top.Mail.Ru

21-nji oktýabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti

15:2521.10.2024
0
13479

Kasym-Žomart Tokaýew Türkmenistanyň Prezidentini Gazagystana gelip görmäge çagyrdy, Türkmenistan Magtymgulynyň eserleriniň ýubileý ýygyndylaryny Russiýanyň iň iri kitaphanalaryna sowgat etdi, Aşgabatda TÜRKSOÝ-a agza ýurtlaryň II teatr festiwalynyň ýapylyş dabarasy geçirildi we beýleki habarlar

Türkmenistanda

1. Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Türkmenistanyň döwlet Baştutany Serdar Berdimuhamedowa hat iberdi. Onda 10-11-nji oktýabrda Türkmenistana amala aşyrylan resmi saparyň dowamynda Gazagystanyň wekiliýetiniň mähirli kabul edilendigi hem-de bildirilen aýratyn myhmansöýerlik üçin Türkmenistanyň Prezidentine tüýs ýürekden hoşallyk beýan edilýär. Şeýle hem Gazagystanyň Prezidenti Türkmenistanyň Prezidentine islendik amatly wagtda Gazagystana resmi sapar bilen gelip görmegi baradaky çakylygy tassyklady.

2. Russiýa Federasiýasyndaky Türkmenistanyň ilçihanasy Gündogaryň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň saýlanan eserler ýygyndysynyň sowgatlyk nusgalaryny Russiýanyň öňdebaryjy kitaphanalaryna gowşurdy. Türkmen, rus we iňlis dillerindäki ýygyndylar Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň, Moskwanyň döwlet uniwersitetiniň, Russiýanyň halklaryň dostlugy uniwersitetiniň, RF-niň DIM-niň Moskwa döwlet halkara gatnaşyklary institutynyň kitaphana gaznalarynyň we beýleki iri kitaphanalaryň gaznalarynyň üstüni ýetirdi.

3. Aşgabatda Türki medeniýetiň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza ýurtlaryň II teatr festiwalynyň ýapylyş dabarasy boldy. Festiwala gatnaşanlara diplomlar, baýraklar we ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

4. TÜRKSOÝ-a agza ýurtlardan nakgaşlaryň Änewiň taryhy ýadygärliklerine bagyşlanan işleriniň sergisi festiwalyň esasy wakalarynyň biri boldy. Onuň çäklerinde Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde alty ýurtdan – Türkiýeden, Gazagystandan, Özbegistandan, Gyrgyzystandan, Azerbaýjandan we Türkmenistandan nakgaşlaryň işleriniň sergisi açyldy. Ondan öň ähli nakgaşlar «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumyna we Änew şäheriniň taryhy ýadygärliklerine baryp gördüler. Suratkeşler üç günüň dowamynda bu ýerlerde düşürilen fotosuratlara we çyzgylara esaslanyp, Aşgabatdaky Şekillendiriş sungaty sergi merkezinde öz suratlarynyň üstünde işlediler.

5. Goňurdepe şäherçesinde geçirilen gazuw-agtaryş işlerinde rus we türkmen arheologlary Aý we üç ýyldyz şekillendirilen möhüri tapdylar. Möhürdäki surat Türkmenistanyň çäginde tapylan astronomiki jisimiň iň köne şekili bolmagy mümkin. Goňurdepe şäherçesi bürünç asyrynyň ýadygärligi hökmünde 50 ýyldan gowrak wagt bäri gözlegleriň obýekti bolmagynda galýar. Bu ýer gadymy ýazuw çeşmelerinde Marguş ýurdy ýa-da Margiana hökmünde bellidir. 2024-nji ýyldaky ekspedisiýanyň möhüm tapyndylarynyň arasynda gipsiň önümçilik nokady we ata meňzeş haýwanyň kelleçanak süňki bar. Ondan öň Goňurdepeden sekiz sany atyň galyndysy, ýöne diňe bir kelleçanak süňki tapyldy.

6. Awstriýanyň «DiproMed» derman kärhanasy Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy işjeň ösdürýär. Ýakynda kompaniýanyň ýolbaşçysy Kristian Ederiň Aşgabat we Arkadag şäherlerine amala aşyran saparlary lukmançylyk we derman senagaty pudagynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmakda möhüm tapgyra öwrüldi. Türkmenistana bäşinji saparynyň çäklerinde Kristian Eder ýurduň ýokary derejeli Hökümet agzalary bilen birnäçe duşuşyklary geçirdi. Lukmançylyk enjamlaryny we derman serişdelerini öndürmekde hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçilikleri gepleşikleriň esasy mowzugy boldy. «Bu meniň Türkmenistana bäşinji saparym we her gezek ýurtda görýän ösüşlerim meni haýran galdyrýar» diýip, Eder «Turkmenportal» bilen ýörite söhbetdeşliginde belledi.

7. «Petronas» kompaniýasy 23 – 25-nji oktýabr aralygynda Aşgabatda geçiriljek «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2024» atly 29-njy halkara maslahatyň we serginiň altyn hyzmatdaşy boldy. Çäre «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleri, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy we «Türkmenengeologiýa» döwlet korporasiýasy tarapyndan guralýar. Maslahata 51 ýurtdan 830-dan gowrak wekil gatnaşar we ol nebitgaz pudagyny ösdürmegiň möhüm meselelerini we mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak üçin meýdança öwrüler.

Dünýäde

8. Täze Zelandiýanyň günortasyndaky Danidin howa menziliniň administrasiýasy ýolagçylary ugradýanlar üçin adaty bolmadyk çäklendirme girizdi. Indi ýolagçylaryň düşýän ýerinde hoşlaşmak üçin üç minutdan köp wagt berilmeýär. Hoşlaşmak üçin has köp wagt gerek bolanlar üçin howa menziliniň ýolbaşçylary alternatiw çözgüt hödürledi. Howa menziliniň direktory Daniýel De Bononyň düşündirişi ýaly, awtoulag duralgasynda 1200 orunlyk ýer bar, bu ýerde çärýek sagada çenli mugt galyp bilersiňiz – bu has uzak hoşlaşmalar üçin ýeterlik wagtdyr. De Bononyň bellemegine görä, karar ylmy subutnamalara esaslanýar: gözlegler ýigrimi sekunt gujaklaşmagyň emosional baglylyk gormony bolan oksitosiniň bölünip çykmagy üçin ýeterlikdigini görkezýär. Bu täze düzgün has köp adama dyknyşyk döretmezden ýakynlary bilen hoşlaşmaga mümkinçilik bermek maksady bilen, ýolagçy akymyny ýeňilleşdirmek üçin döredildi.

Sport täzelikleri

9. Brýusselde ýerleşýän Halkara harby sport geňeşiniň (CISM) edara binasynda guramanyň Baş sekretary Harby deňiz güýçleriniň kapitany Roberto Rekkiýa Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ilçileri bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň dowamynda Geňeşiň işi, onuň başlangyçlary we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň halkara sport çärelerine gatnaşmagy bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçisi sportuň ýurduň içeri we daşary syýasatynda ileri tutulýan ugurdygyny nygtady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň