Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Adamlara maýa goýuň: ÝTÖB-den telekeçiler üçin okuw

17:0316.10.2024
0
13022

Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky (ÝTÖB) «Işewürlikdäki zenanlar» jemgyýeti bilen bilelikde telekeçileri we ýolbaşçylary okuwlara çagyrýar. «Işgärlere bolan çemeleşme – üstünlikli işewürligiň binýady!» atly çäre 18-nji oktýabrda «Arkaç» söwda-dynç alyş merkezindäki «Iş Nokady» koworking merkezinde geçiriler.

Bu okuw işewürlik amallaryny kämilleşdirmek we işgärleri dolandyrmagyň netijeliligini ýokarlandyrmak isleýän telekeçiler we iş dolandyryjylary üçin niýetlenendir.

Zehinli işgärleri, şol sanda Z nesliniň wekillerini çekmäge we saklamaga aýratyn üns berler.

Okuwy 20 ýyllyk halkara tejribesi bolan gazagystanly tejribeli geňeşçi, MBA (işewürligi dolandyryşyň magistri), CMS® (kontent dolandyryş ulgamy boýunça hünärmen) Walentina Grigorýewa alyp barar. Gatnaşyjylar diňe bir nazary taraplary öwrenmek bilen çäklenmän, eýsem, öz kompaniýalary üçin özbaşdak ösüş meýilnamalaryny işläp düzüp, täze bilimleri iş ýüzünde peýdalanmaga hem mümkinçilik alarlar.

Okuwyň maksatnamasy işgärleri dolandyryşyň öňdebaryjy usullary bilen tanyşdyrmagy, öz dolandyryş başarnyklaryňa baha bermegi we gatnaşyjylaryň arasynda tejribe alyşmagy öz içine alýar.

Guramaçylar orunlaryň sanynyň çäklidigini nygtaýarlar, okuwa diňe 30 adam gatnaşyp biler. Okuwa gatnaşmagyň bahasy 600 manat.

Gatnaşmak isleýänler şu salgyda ýörite maglumatnamany doldurmaly.

ÝTÖB we «Işewürlikdäki zenanlar» jemgyýeti ähli gyzyklanma bildirýän telekeçileri we ýolbaşçylary öz işewürligini ösdürmek üçin bu täsin pursatdan peýdalanmaga çagyrýarlar.

Habarlaşmak üçin maglumatlar:

  • email: bizwomentkm@gmail.com;
  • telefon: (+993 62) 69 83 44.
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň