Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda geçirilen «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forumyň jemleýji resminamasy

10:1712.10.2024
0
22826

2024-nji ýylyň 11-nji oktýabrynda «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forum geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Prezidenti, Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti, Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti, Mongoliýanyň Prezidenti, Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti, Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy, halkara guramalaryň ýolbaşçylary, daşary döwletleriň Hökümet agzalary, meşhur alymlar, medeniýet işgärleri we diplomatlar gatnaşdylar.

Halkara foruma gatnaşyjylar:

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary bilen geçýän 2024-nji ýylda beýik akyldar Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp Türkmenistanda geçirilýän, nusgawy şahyryň baý edebi mirasynyň tutuş dünýäde öwrenilmegine hem-de ýaýradylmagyna gönükdirilen giň gerimli çäreleri durmuşa geçirmegiň çäklerinde,

agzybirlik, ynsanperwerlik, dostluk taglymlaryna esaslanýan Magtymgulynyň döredijiliginiň möhümligini we häzirki döwrüň ruhuna laýyklygyny bellemek hem-de ýaş nesli watançylyk ruhunda, ruhy-ahlak taýdan terbiýelemekdäki aýratyn ornuny, halkyň medeni mirasyny hem-de ruhy gymmatlyklaryny gaýtadan dikeltmekde, gorap saklamakda ägirt uly ähmiýetini nygtamak bilen,

parahatçylygyň hem-de ösüşiň esasy hökmünde döwürleriň we siwilizasiýalaryň aýrylmaz özara baglanyşygyny öwrenmek maksady bilen,

beýik şahyryň edebi döredijiliginiň dünýä edebiýatynda eýeleýän ornunyň hem-de ähmiýetiniň, ÝUNESKO-nyň Baş konferensiýasynyň 2023-nji ýylyň 21-nji noýabryndaky Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygynyň baýram edilmegini ÝUNESKO-nyň şanly seneleriniň sanawyna girizmek, türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumynyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizilmegi hakyndaky Kararnamasynda beýan edilen halkara ykrarnamany nazara almak bilen,

Aşgabat şäherinde Magtymguly Pyragynyň öçmez-ýitmez eserlerinde dabaralandyrylan halklaryň dostlugynyň nyşany hökmünde dünýä meşhur akyldarlaryň hem-de nusgawy şahyrlaryň heýkelleri oturdylan «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň açylmagyny goldamak bilen,

taryha, medeni mirasa, milli gymmatlyklara, däp-dessurlara hormat goýmak ruhunda, şahyryň we filosofyň adamlarda zähmetsöýerligi, edermenligi hem-de gaýduwsyzlygy kemala getirmekde aýratyn hyzmatlaryny göz öňünde tutup:

1. Dünýä halklarynyň milli däp-dessurlaryny hem-de medeniýetini mundan beýläk-de wagyz etmegiň, ýaş nesilde dünýäniň dürli döwletleriniň milli döredijiligini, medeniýetini öwrenmäge gyzyklanma döretmegiň möhümdigini tassykladylar.

2. Nusgawy şahyryň eserleriniň köp dillere terjime edilendigini hem-de olaryň dünýäniň onlarça ýurdunda neşir edilendigini kanagatlanma bilen belläp, beýik türkmen şahyrynyň goşgular ýygyndylaryny, saýlanan eserleriniň çap edilmegini we neşire taýýarlanylmagyny mundan beýläk-de höweslendirmegiň zerurdygyny beýan etdiler. Şunuň bilen baglylykda, «Magtymguly Pyragynyň ensiklopediýalaryny» neşir etmek mümkinçiliklerini işjeň öwrenmek üçin uly gyzyklanmalaryň bardygy bellenildi. Bu neşirde Magtymgulynyň edebi mirasyny öwrenýän alymlaryň ylmy-barlag işleri baradaky maglumatlar toplanylar.

3. Nusgawy şahyryň edebi mirasyny öwrenmek hem-de ýaýratmak ulgamynda hyzmatdaşlygyň çuňlaşdyrylmagynyň medeni mirasy we ruhy gymmatlyklary gaýtadan dikeltmäge, gorap saklamaga ýardam etjekdigini bellediler.

4. Magtymguly Pyragynyň şahyrana mirasynyň türkmen halkynyň dünýä medeniýetine goşan uly goşandydygyny hem-de ynsanperwerligiň, Watana söýginiň, umumadamzat gymmatlyklaryna sarpa goýmagyň tükeniksiz çeşmesidigini nygtadylar.

5. Magtymguly Pyragynyň döredijiligine bagyşlap dürli formatlarda halkara ylmy maslahatlaryň, “tegelek stol” duşuşyklarynyň, edebiýat we döredijilik agşamlarynyň, sergileriň geçirilmegini geljekde hem goldajakdyklaryny beýan etdiler.

6. Beýik akyldar Magtymguly Pyragynyň döredijiligini wagyz etmek ulgamynda medeni dialogyň döwletleriň arasynda köpugurly hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine uly goşant goşýandygy, halklaryň arasynda dostlugyň we özara düşünişmegiň pugtalandyrylmagyna, olaryň medeniýetleriniň özara baýlaşmagyna ýardam berýändigi baradaky pikiri beýan etdiler. Şunuň bilen baglylykda, bu ulgamda özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge hemmetaraplaýyn goldaw berjekdikleri barada ylalaşdylar.

7. Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forumyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilendigi, şeýle hem Aşgabat şäherinde foruma gatnaşyjylara bildirilen mähirli myhmansöýerlik üçin Türkmenistanyň halkyna we ýolbaşçylaryna tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler.

Aşgabat şäheri, 2024-nji ýylyň 11-nji oktýabry.

(Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi)

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň