Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Özbegistanyň Prezidenti Aşgabada iş sapary bilen geldi

22:4310.10.2024
0
11430
Özbegistanyň Prezidenti Aşgabada iş sapary bilen geldi
Surat: president.uz

Şu gün günüň ikinji ýarymynda Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Aşgabat şäherine iş sapary bilen geldi.

Özbek Lideriniň Metbugat gullugynyň habar bermegine görä, Prezident Şawkat Mirziýoýewi Aşgabadyň Halkara howa menzilinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew we beýleki resmi adamlar garşyladylar.

Ozal habar berşimiz ýaly, ertir Aşgabatda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli ««Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forum geçirilýär. Özbegistanyň Prezidenti forumyň umumy mejlisinde çykyş eder. Şeýle-de birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirer.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň