Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Maryda arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullygynyň häzirki zaman merkezi açyldy

22:0009.10.2024
0
20428

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününiň öňüsyrasynda Mary welaýatynyň we Mary şäheriniň Arassaçylyk we keselleriniň ýaýramagyna garşy göreş gullugynyň täze dolandyryş binasynyň açylyş dabarasy boldy. Bu täze binanyň ulanyşa berilmegi sebitiň saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmekde möhüm ädim boldy.

Täze toplumyň düzümine bäş dolandyryş binasy we hyzmat ediş desgasy girýär, olar welaýatyň arassaçylyk, gigiýena, epidemiologik we barlaghana-anyklaýyş gulluklaryny bir ýere birleşdirýär. Bina häzirki zaman barlaghanalary, ýöriteleşdirilen bölümler we okuw desgalary bilen enjamlaşdyrylyp, olar keselleriň ýaýramagyna garşy netijeli gözegçiligi amala aşyrmaga, işleriň ekologiýa taýdan arassa usullaryny ornaşdyrmaga we wajyp ylmy-gözlegleri geçirmäge mümkinçilik berer.

Barlaghanalarda gurnalan enjamlar aýratyn üns bermeklige mynasypdyr. Şol enjamlar Roche Diagnostics (Germaniýa), Newster (Italiýa), Termo Fisher Scientific (ABŞ), Belligham & Stanley (Germaniýa), FOSS Analitik (Daniýa) ýaly öňdebaryjy dünýä öndürijileri tarapyndan üpjün edilýär. Bu arassaçylyk, gigiýena we keselleriň ýaýramagyna garşy göreş ugrunda innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmaga mümkinçilik berer.

KTQ International, Germaniýa kompaniýasy tarapyndan welaýatyň täze desgasyna “Halkara Saglygy goraýyşda kepillik we hill aýdyňlygy” şahadatnmasy we “VS Vereinigte Spezialmöbelfabriken GmbH & Co.KG”, Germaniýa kompaniýasy “Sebitdäki eko-mebel bilen enjamlaşdyrylan iň ýokary tehnologiýaly taslama” atly şahadatnamalar bilen sertifikatlaşdyryldy.

Gullugyň täze binasynyň açylmagynyň hormatyna Türkmenistanyň Prezidenti edara ýöriteleşdirilen «Mersedes Atego» göçme arassaçylyk-barlaghana ulagy we hünärmenleriň işlerini dessine alyp barmak mümkinçiliklerini ep-esli giňeltjek gulluk awtoulaglaryny sowgat berdi.

Toplumyň gurluşygyny ýurduň binagärçiliginde uly tejribä eýe bolan «Şadyýan gurluşyk» hojalyk jemgyýeti tarapyndan amala aşyryldy. Merkeziň umumy meýdany 2 gektar bolup, ol ýerde binalardan başga-da ýörite ýollar, ýodalar çekilip, ýanaşyk ýerlerine agaçlar oturdylypdyr.

Mary welaýatynyň we Mary şäheriniň Arassaçylyk we keselleriniň ýaýramagyna garşy göreş gullugynyň täze dolandyryş binasynyň açylmagy Türkmenistanyň döwlet syýasatynda saglygy goraýyşyň ileri tutulýandygyny we ilatyň saglygyny goramak üçin ösen tehnologiýalary ornaşdyrmaklyga uly ähmiýet berilýändigini görkezýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň