Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Green Card DV-2026» lotereýasyna gatnaşmaga goýberilmejek ýurtlaryň sanawy mälim edildi

14:3209.10.2024
0
22280

ABŞ-nyň Döwlet departamenti her ýyl geçirilýän «Green Card DV-2026» lotereýa utuşyna raýatlarynyň gatnaşyp bilmejek ýurtlarynyň sanawyny çap etdi. Bu ýyl sanawdan 18 ýurduň çykarylandygy aýan boldy.

Soňky bäş ýylda bu ýurtlaryň 50 müňden gowrak raýaty ABŞ-na göçüp gelendigi sebäpli, raýatlarynyň gatnaşmaga hukugy bolmadyk ýurtlar:

• Bangladeş
• Braziliýa
• Kanada
• Hytaý (Gonkongy goşmak bilen)
• Kolumbiýa
• Dominikan Respublikasy
• Salwador
• Gaiti
• Gonduras
• Hindistan
• Ýamaýka
• Meksika
• Nigeriýa
• Pakistan
• Filippinler
• Koreýa Respublikasy
• Wenesuela
• Wýetnam

Hytaýyň bu sanawdan çykarylandygyna garamazdan, Makaoda we Taýwanda doglan adamlaryň lotereýa utuşyna gatnaşmaga hukugynyň galandygyny bellemek möhümdir.

Mundan başga-da, ABŞ-nyň Döwlet departamenti «Green Card» lotereýasynyň aşakdaky hasaba alyş senelerini yglan etdi:

• DV-2026 lotereýasyna gatnaşmak üçin hasaba alynmak 2024-nji ýylyň 2-nji oktýabryndan 2024-nji ýylyň 5-nji noýabry aralygynda geçirilýär.
• DV-2026 lotereýanyň netijeleri 2025-nji ýylyň 3-nji maýyndan başlap elýeterli bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň