Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda täze saglygy goraýyş desgalary açyldy

11:4609.10.2024
0
22605

Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli, şu gün Aşgabatda täze desgalaryň - 400 orunlyk Halkara sagaldyş-dikeldiş merkeziniň we 250 orunlyk Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkeziniň açylyş dabaralary boldy. TDH-nyň habar berşi ýaly, bu dabaralara türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.

Bellenilişi ýaly, täze desgalaryň açylmagy hemişe döwrebaplaşdyrylyp durulýan milli saglygy goraýyş ulgamyna Türkmenistanda aýratyn üns berilýändiginiň aýdyň güwäsi boldy.

Köp ýyllaryň dowamynda ýurduň saglygy goraýyş ulgamyna ýolbaşçylyk eden türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen öňe sürlen we işlenip taýýarlanylan «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň yzygiderli durmuşa geçirilmegi netijesinde, ýurtda soňky ýyllarda bu ulgamyň düzümleri giňeldilip, maddy-enjamlaýyn binýady pugtalandyrylýar, innowasion tehnologiýalar we iň gowy dünýä tejribeleri, lukmançylyk ulgamyndaky gazanylanlar işjeň ornaşdyrylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň