Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanly agyr atletikaçy ýaşlaryň arasyndaky dünýä çempionatynda dünýä rekordyny täzeledi

21:4426.09.2024
1
53246

Türkmenistanly agyr atletikaçy Şahzadbek Matýakubow Ispaniýada geçirilýän ýaşlaryň arasyndaky dünýä çempionatynda 102 kilograma çenli agram derejede çykyş edip, ştangany itekläp götermekde dünýä rekordyny (ýaşlaryň arasynda) täzeledi. Bu barada Halkara agyr atletika federasiýasynyň (IWF) metbugat gullugy habar berdi.

20 ýaşly türkmen türgeni ştangany itekläp götermekde 216 kilogram agyrlygy eýgerip, ýaşlaryň arasyndaky ozalky dünýä rekordyndan 1 kilogram ýokary netije görkezdi. Ozalky rekord hem şu gezekki dünýä çempionatynyň dowamynda braziliýaly türgen tarapyndan goýlupdy.

Şahzadbek Matýakubow iki görnüşiň jemi boýunça 391 kilogram (175+216) netije bilen dünýä çempionatynyň altyn medalyna mynasyp boldy.

Bu agram derejede ikinji ýer iki görnüşiň jemi boýunça 383 kilogram (168+215) netije görkezen braziliýaly Mateus Pessanýa nesip etdi. Hormat münberiniň üçünji basgançagyndan umumylykda 369 kilogram (169+200) agyrlygy göteren müsürli Mahmud Hosni orun aldy.

Ýeri gelende ýatlatsak, mundan ozal türkmen türgeni Anamjan Rustamowanyň ýaşlaryň arasyndaky dünýä çempionatynda 81 kilograma çenli agram derejede kiçi bürünç medala mynasyp bolandygyny habar beripdik.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň