Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen-britan hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň geljegine garaldy

11:3210.09.2024
0
9218

9-njy sentýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň «TIF-2024» halkara maýa goýum forumyna gatnaşmak maksady bilen Türkmenistana gelen Beýik Britaniýanyň Daşary işler, Arkalaşygyň işleri we ösüş ministrliginiň Sebitleýin ösüş boýunça direktory Sara Kuper bilen duşuşygy geçirildi. Bu barada ministrligiň resmi saýtynda habar berilýär.

Bellenilişi ýaly, duşuşygyň dowamynda taraplar iki ýurduň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça işjeň hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar. Şol bir wagtyň özünde, howanyň üýtgemegi, "ýaşyl" tehnologiýalar, hususy telekeçiligi ösdürmek we Türkmenistanda iňlis dilini öwretmek babatynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljegine aýratyn üns berildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň