Top.Mail.Ru

«Turkish Airlines»: amatly syýahat üçin goşmaça hyzmatlary bronlaň

10:1303.09.2024
0
7483

«Turkish Airlines» awiakompaniýasy müşderilerine syýahatyň has amatly we şahsylaşdyrylan bolmagy üçin döredilen uçuşdan öňki we uçuşdan soňky hyzmatlaryň doly sanawy bilen tanyşmagy teklip edýär. Has anyk maglumatlar awiakompaniýanyň resmi saýtynda elýeterlidir.

Teklip edilýän uçuşdan öňki hyzmatlaryň hatarynda uçaryň salonynda orun saýlamak, goşmaça goşlary tölemek mümkinçiligi, ýörite menýu sargyt etmek we hyzmat synpyny ýokarlandyrmak teklip edilýär. Bu hyzmatlaryň ählisi uçuşdan öň bronlamak üçin elýeterlidir.

Mundan başga-da, awiakompaniýa wepalylyk maksatnamasyny giňeldip, ýolagçylara uçuşlarda milleri toplamaga we olary uçuşdan soň goşmaça hyzmatlar üçin ulanmaga mümkinçilik döretdi. Hususan-da, toplanan milleri kärendesine awtoulag almak ýa-da barmaly ýeriňizde myhmanhana bronlamak üçin sarp edip bolýar.

«Turkish Airlines» goşmaça hyzmatlary saýlamak we tölemek boýunça ähli amallaryň kompaniýanyň resmi saýtynda hem-de ykjam programmasy arkaly (Google Play we App Store) aňsat we çalt ýerine ýetirilip biljekdigini nygtaýar.

Habarlaşmak üçin maglumatlar:

  • salgysy G.Kuliýew köç., 39-njy jaý, «Ussat» binasy;
  • elektron poçta: askabatbiletsatis@thy.com;
  • telefon (+993 61) 01 44 33;
  • web-saýt turkishairlines.com.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň