Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen wekiliýeti Seulda "akylly" şäherleriň "World Smart City Expo" atly Bütindünýä sergisine gatnaşar

08:4528.08.2024
0
6036

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti 2024-nji ýylyň 1 — 7-nji sentýabry aralygynda Koreýa Respublikasynyň Seul şäherinde gulluk iş saparynda bolar. Prezident Serdar Berdimuhamedow 27-nji awgustda degişli Buýruga gol çekdi. Bu barada TDH habar berýär.

Bellenilişi ýaly, resminama Arkadag şäherini mundan beýläk-de kämilleşdirmek we ösdürmek, hususan-da, "akylly" şäherleriň "World Smart City Expo" atly Bütindünýä sergisine gatnaşmak hem-de Arkadag şäheriniň lukmançylyk klasterini amala aşyrmak üçin Koreýa Respublikasy bilen saglygy goraýyş ulgamynda tejribe alyşmak maksady bilen kabul edildi.

Ozal habar berşimiz ýaly, 27-nji awgustda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň haýyr-sahawat gaznasynyň Arkadag şäherindäki ştab-kwartirasynda geçiren iş maslahatynyň barşynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow häzirki döwürde sebitde ilkinji "akylly" şäher hökmünde ykrar edilen täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, bu ýerde durmuş maksatly binalar bilen bir hatarda, önümçilik toplumlarynyň gurluşyklaryna hem badalga berildi. Şeýle-de Koreýa Respublikasynyň Seul şäherinde geçiriljek "akylly" şäherleriň "World Smart Сity Eхpo" Bütindünýä sergisine gatnaşmak üçin türkmen wekiliýetiniň öňde boljak sapary barada habar berildi. Onda "akylly" tehnologiýalara esaslanýan Arkadag şäheriniň mümkinçilikleri görkeziler. Seul şäherine şu ýylyň 1 — 7-nji sentýabry aralygynda boljak gulluk iş saparynyň çäklerinde wekiliýet agzalary Koreýa Respublikasynyň lukmançylyk serişdelerini öndürýän kompaniýalarynyň wekilleri bilen duşuşyklary geçirerler, ýurduň ugurdaş kärhanalarynyň işleri bilen tanşarlar.

Geljegiň, döredijiligiň, ýaşlygyň şäheri hökmünde ykrar edilen we "akylly" şäher konsepsiýasyna laýyklykda gurlan Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işleriň ýokary hil derejesine we ekologik talaplara laýyk gelmelidigini belläp, hormatly Arkadag bu ýerde dünýäniň ösen tejribesiniň milli binagärlik ýörelgeleri bilen utgaşdyrylmalydygyna ünsi çekdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Koreýa Respublikasynda geçiriljek Bütindünýä sergisi barada aýtmak bilen, onda Arkadag şäheriniň özboluşly ajaýyplyklarynyň ýokary derejede öz beýanyny tapmalydygynyň, ugurdaş düzümleriň wekilleri bilen duşuşyklaryň guralmagynyň, özara tejribe alşylmagynyň we öňdebaryjy tehnologiýalaryň Türkmenistanda ornaşdyrylmagy babatda zerur tagallalaryň edilmeginiň ähmiýetli boljakdygyny belledi.

Dostlukly ýurda sapara iberiljek wekiliýetiň düzümine ugurdaş düzümleriň agzalarynyň, bu ugur boýunça bilim alýan talyp ýaşlaryň goşulmagy ähmiýetli bolar. Alym Arkadag munuň türkmen ýaşlarynyň dünýä ylmyna çuňňur aralaşmaklaryna, halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine giň ýol açjakdygyny aýdyp, bu ugurdaky işleri yzygiderli dowam etdirmegi tabşyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň