Top.Mail.Ru

Türkmenistanly körlingçiler Norwegiýada geçiriljek okuw-türgenleşik ýygnanyşygyna gatnaşarlar

11:3714.08.2024
0
8833

Türkmenistanly ýetginjek türgenler 16 ― 24-nji awgust aralygynda Norwegiýanyň Lillehammer şäherinde körling boýunça geçiriljek halkara derejeli okuw-türgenleşik ýygnanyşygyna gatnaşarlar. Heniz 16 ýaşyny hem doldurmadyk türgenleriň dördüsi milli ýygyndymyzyň baş tälimçisi Sakina Gulamalyýewanyň ýolbaşçylygynda bu türgenleşiklerde Türkmenistana wekilçilik ederler.

Türkmen metbugatynyň habar berşi ýaly, ýaryşa 14 döwletiň wekilleri gatnaşar. Olar bilelikdäki okuw-türgenleşik ýygnanyşygynda sportuň Olimpiýa maksatnamasyna girýän görnüşi boýunça tejribesini artdyrarlar.

Granitden ýasalan daşlar bilen oýnalýan körling Türkmenistanda ýaş sport görnüşleriniň biri. Sportuň bu görnüşi boýunça milli federasiýa 2020-nji ýylda döredildi. Şonda bäri bu federasiýa halkara gatnaşyklarynyň hem gerimini barha giňeldip, türgenleriň tejribesiniň baýlaşmagy üçin yzygiderli aladalanýar. Lillehammerdäki türgenleşikler hem bu babatda nobatdaky ädim bolar.

Türgenleşiklerde türkmen ýygyndysyna kapitan Emina Nurmuhammedowa, onuň kömekçisi Aişa Geldimyradowa, türgenler Daňatar Muhamow we Selim Baýramow dagylar wekilçilik eder. Bu türgenleriň ählisi geçen ýyl milli federasiýa tarapyndan geçirilen çempionatyň netijeleri boýunça saýlanyp alyndy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň