Top.Mail.Ru

Türkmenistanyň Prezidenti «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna bardy

00:0114.08.2024
0
10328

Häzirki wagtda zähmet rugsadynda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow şu gün, 13-nji awgustda ir säher bilen Hazar deňziniň ajaýyp kenarynda ýerleşýän we dünýäniň şypahana ulgamynyň merjeni hasaplanylýan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna ugrady. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, Prezident Serdar Berdimuhamedow Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherine ugramak üçin ir bilen Aşgabadyň Halkara howa menziline geldi. Bu ýerde döwlet Baştutanyny ýurduň resmi wekilleri ugratdylar. Türkmenistanyň Prezidentiniň uçary Türkmenbaşy şäherine tarap ugur aldy.

Biraz wagtdan Türkmenistanyň Prezidentiniň uçary Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menziline gelip gondy. Bu ýerde döwlet Baştutanyny resmi adamlar garşyladylar.

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menzilinden Hazaryň kenaryndaky dünýä derejeli «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna ugrady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň