Top.Mail.Ru

Türkmenistanly talyplar 31-nji halkara matematika bäsleşiginde dürli derejedäki medallara mynasyp boldular

12:2013.08.2024
0
10566

Türkmenistanly talyplar 5 — 11-nji awgustda Bolgariýanyň Blagoýewgrad şäherinde Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň London uniwersitetiniň kollejiniň ýurtdaky Amerikan uniwersiteti bilen guran 31-nji halkara matematika bäsleşigine (IMC-2024) gatnaşyp, üstünlik gazandylar. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, 60-dan gowrak ýurtdan 400-den agdygrak talyp bäsleşen olimpiada Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyplary gatnaşyp, olardan 14-si dürli derejedäki medallara, has takygy, 3 altyn, 3 kümüş, 8 bürünç medala we höweslendiriji Hormat hatlaryna mynasyp boldular.

Bäsleşige 60-dan gowrak ýurduň wekilleriniň arasynda geçirilen «The Most Effective Team Leaders in IMC 2024» (IMC-2024-de iň tejribeli topar ýolbaşçylary) bäsleşiginde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň matematiki analiz kafedrasynyň mugallymy Agaserdar Ýollyýew kümüş medala mynasyp boldy. Bu ýeňiş topar ýolbaşçylarynyň arasyndaky bäsleşikde olimpiadanyň taryhy boýunça Türkmenistanda ilkinji gezek gazanylan üstünlik boldy.

Talyplaryň gazanan bu ajaýyp üstünligi mynasybetli, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde dabara geçirildi. Onda bellenilişi ýaly, bu ýokary okuw mekdebiniň talyplary 31-nji halkara matematika bäsleşiginde 1 altyn, 3 kümüş, 4 bürünç medal gazandylar.

Uniwersitetiň matematika fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Şabibi Nurjanowa altyn medala, maglumat ulgamlary we tehnologiýalary fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Söhbet Maksadow, 3-nji ýyl talyplary Emir Wellekow bilen Balkan Jepbarow dagy kümüş medala mynasyp boldy. Matematika fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Sähragül Garlyýewa, şeýle hem maglumat ulgamlary we tehnologiýalary fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Salyhbek Döwletmyradow, 3-nji ýyl talyplary

Hajymuhammet Ataýew, Didar Gaýypow dagy bürünç medal gazandylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň