Top.Mail.Ru

«Hazar deňziniň mümkinçiliklerini wagyz etmek arkaly ýaşlaryň ekologiki sowatlylygyny artdyrmak» atly onlaýn duşuşyk geçirildi

13:2515.08.2024
0
16492

ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň sekretariatynyň hem-de Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň binýadynda hereket edýän, ýurtda ilkinji açylan «Parahatçylyk dilleri» atly ÝUNESKO klubynyň bilelikde guramagynda «Hazar deňziniň mümkinçiliklerini wagyz etmek arkaly ýaşlaryň ekologiki sowatlylygyny artdyrmak» barada 2024-2025-nji okuw ýylynda ÝUNESKO kafedralary we ÝUNESKO klublary bilen bilelikde alnyp baryljak işleri ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen onlaýn duşuşyk geçirildi, bu barada Turkmenportala Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň metbugat gullugy habar berdi.

Duşuşyga ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň sekretariatynyň referentleri, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň «Ahalteke atlary — parahatçylygyň ilçileri», Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň döwlet Lukmançylyk uniwersitetiniň «Dermanlyk ösümliklerimiz — saglygymyz, mirasymyz», Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň «Parahatçylyk medeniýeti», Türkmen oba hojalyk institutynyň «Daşky gurşawy goramak — durnukly ösüşiň möhüm konsepsiýasy», Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň «Parahatçylyk dilleri» atly ÝUNESKO klublarynyň ýolbaşçylary hem-de Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň «Medeni miras: geçmişden geljege», Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň «Durnukly ösüş üçin ekologiýa bilimi» atly ÝUNESKO kafedralarynyň kafedra müdirleri, işjeň agzalary gatnaşdylar.

Duşuşykda türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň baştutanlygynda alnyp barylýan Hazarýaka döwletleriň arasyndaky barha ilerleýän hyzmatdaşlyk we onuň berk kanunçylyk binýady bolan Hazar deňziniň sebiti boýunça birnäçe köptaraplaýyn resminamalaryň, deňiz gurşawyny goramak hakynda Çarçuwaly konwensiýanyň, Hazar deňziniň hukuk ýagdaýy hakynda Konwensiýanyň hem-de häzirki wagtda hereket edýän Aşgabatdaky Hazar deňzi instituty bilen Halkara umman institutynyň arasynda düşünişmek we hyzmatdaşlyk Ähtnamasy barada giňişleýin çykyşlar edildi. Şeýle hem 2024-2025-nji okuw ýylynda bu resminamalaryň mazmuny we Hazar deňzinde adam potensialynyň we durnukly ösüşiniň ösmegine Türkmenistanyň möhüm goşandy hakynda talyp ýaşlaryň arasynda umumy sapaklary, brifingleri yzygiderli guramagy, maglumatlary özleşdirişlerine bolsa bu ugurly meýilleşdirilýän bäsleşikleriň esasynda gözegçilik etmek barada maslahatlaşdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň