Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda şu hepde 43 gradusa çenli yssy bolar

21:5011.08.2024
0
6576

Şu hepdäniň dowamynda Türkmenistanyň käbir sebitlerinde ýagyş ýagar. Howa +43 gradusa çenli yssy bolar. Bu Gidrometeorologiýa baradaky gullugyň Türkmenistanda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumatynda aýdylýar. «Türkmenistan» gazetinde çap edilen maglumatda şeýle diýilýär.

Balkan welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň başynda we ikinji ýarymynda ýagyş ýagar. Demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 13 — 18 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +19... +24 gradusdan +24... +29 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +33... +38 gradus yssy, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +29... +34 gradus maýyl bolar.

Ahal welaýatynda az-kem bulutly, hepdäniň ikinji ýarymynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 7 — 12 metrden 12 — 17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +20... +25 gradusdan +25... +30 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +30... +35 gradus maýyldan +38... +43 gradus aralygynda yssy bolar.
Mary welaýatynda az bulutly, hepdäniň ikinji ýarymynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 7 — 12 metrden 11 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +20... +25 gradusdan +24... +29 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +31... +36 gradus maýyldan +38... +43 gradus aralygynda yssy bolar.

Lebap welaýatynda az bulutly, hepdäniň ikinji ýarymynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 12 — 17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +21... +26 gradusdan +24... +29 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +31... +36 gradus maýyldan +38... +43 gradus aralygynda yssy bolar.

Daşoguz welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň başynda we ikinji ýarymynda ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 12 — 17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +19... +24 gradusdan +23... +28 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +30... +35 gradus maýyldan +34... +39 gradus aralygynda yssy bolar.

Aşgabatda az-kem bulutly, hepdäniň ikinji ýarymynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 10 — 13 metrden 14 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +22... +24 gradusdan +27... +29 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +32... +34 gradus maýyldan +38... +40 gradus aralygynda yssy bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň