Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Bu barada TDH habar berýär.
Bellenilişi ýaly, döwlet Baştutanlary birek-birek bilen mähirli salamlaşyp, netijeli we strategik häsiýete eýe bolan türkmen-gazak gatnaşyklarynyň ýokary derejesini kanagatlanma bilen bellediler.
Söhbetdeşligiň dowamynda dürli ugurlar boýunça okgunly ösdürilýän ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary boýunça gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy. Söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk, halkara giňişliginde hyzmatdaşlygy utgaşdyrmak ýaly meseleler, bilelikdäki taslamalary, hususan-da, gaz, energetika pudaklarynda hem-de ulag-üstaşyr ulgamda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek meselesi giňişleýin ara alnyp maslahatlaşyldy.
Telefon arkaly söhbetdeşligiň barşynda Prezidentler Serdar Berdimuhamedow we Kasym-Žomart Tokaýew döwletara hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň biri bolan ulag ulgamyna aýratyn üns çekip, ozal gazanylan ylalaşyklary amala aşyrmagyň möhümdigini nygtadylar.