Top.Mail.Ru

Arhiw

1-nji awgustda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti

13:0001.08.2024
0
14029

Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-nyň täze ilçisi we Türkiýäniň energetika ministri bilen duşuşyklar geçirdi, Türkmenistanda ýokary okuw mekdeplerine giriş synaglary başlandy, Türkmenistanyň etrap we welaýat häkimliklerinde ýolbaşçylar wezipä bellendi we wezipeden boşadyldy we beýleki habarlar

Türkmenistanda

1. Prezident Serdar Berdimuhamedow ABŞ-nyň Türkmenistandaky täze ilçisi Elizabet Rudy kabul etdi. Diplomat ynanç hatyny gowşuryp, ABŞ-nyň Prezidenti Jozef Baýdeniň mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi we öz ýurdunyň däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirýändigini tassyklady. Duşuşygyň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik ulgamda okgunly ösdürilýän döwletara dialogyň netijeli häsiýetini kanagatlanma bilen bellediler.

2. Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýäniň energetika we tebigy serişdeler ministri Alparslan Baýraktary kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda energetika pudagynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmen gazynyň Türkiýä we Ýewropa iberilmegi, şeýle hem Hazar deňziniň türkmen kenarynda elektrik stansiýasynyň gurluşygy esasy mowzuklaryň hatarynda boldy. Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň köpasyrlyk gatnaşyklara we özara ynama daýanmak arkaly Türkiýe bilen energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de dowam etdirmäge taýýardygyny aýtdy.

3. Türkmenistanda ýokary okuw mekdeplerine giriş synaglary başlandy. Täze okuw ýylynda 15 926 talyp kabul etmek meýilleşdirilýär, bu bolsa geçen ýyl bilen deňeşdirilende, 303 adam köpdür. Dalaşgärleriň umumy sanyndan 15303 adam hünärmen we bakalawr maksatnamalaryna, 623 adam magistr maksatnamalaryna kabul ediler.

4. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurduň welaýatlarynyň birnäçe etraplarynyň häkimlerini ynanylan wezipäni oňarmandyklary üçin eýeleýän wezipelerinden boşatdy we olaryň ýerine täze häkimleri wezipä belledi. Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanlaryna laýyklykda, Ahal welaýatynyň Kaka we Tejen etraplarynda, Balkan welaýatynyň Esenguly etrabynda, Mary welaýatynyň Mary, Ýolöten we Murgab etraplarynda, şeýle hem we Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynda täze ýolbaşçylar wezipä bellenildi.

5. Türkmenistanyň wekili Kirow oblastynyň Istobensk obasynda geçirilen hyýar hytyrdysy boýunça ilkinji dünýä çempionatyna gatnaşdy. Onda 13 ýurtdan wekiller ýeňiş ugrunda bäsleşdi. Çempionatyň netijelerine görä, Müsüriň raýaty Ahmed Salah 70,9 desibel netijesi bilen ýeňiji boldy.

6. Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde Saud Arabystany Patyşalygynyň ilçihanasynyň «Asyrlaryň dowamynda iki mukaddes metjitler, golýazmalaryň gözelligi we olaryň has seýrek duş gelýänleri» atly sergisi açyldy. Açylyş dabarasynda kalligrafiýa boýunça ussatlyk sapaklary geçirildi, myhmanlar üçin milli tagamlar we arap kofesi taýýarlandy.

7. Belarus Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi Wýaçeslaw Beskostyý bilen Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-belarus toparynyň egindeş başlygy Mämmethan Çakyýewiň arasynda gepleşikler geçirdi. Taraplar Hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisine taýýarlyk görmek boýunça maslahatlaşdylar. Söhbetdeşler belorus öndürijileriniň Türkmenistanyň üstaşyr mümkinçiliklerine bolan gyzyklanmasynyň artýandygyny bellediler.

Dünýäde

8. Angliýada meşhur Robin Guduň agajy wagşylarça kesilenden soň janlanyp başlady. Wandallaryň iki jahan urşuny, ýedi monarhy we 40-dan gowrak premýer-ministri başdan geçiren Sikamor-Gep agajyny kesenine bir ýyldan az wagt geçdi. Milli gaznanyň hünärmenleri gaýtadan dikeldiş alamatlaryny ýüze çykardylar – galan töňňeden sekiz sany ýaş baldak ösüp çykdy. Olar heniz örän kiçijik, ýöne olaryň hersiniň täze ajaýyp agajyň bir bölegi bolmak mümkinçiligi bar.

9. Birleşen Arap Emirliklerinde adaty bolmadyk toý däbi meşhurlyk gazanýar: ýaş çatynjalar adaty nika ýüzükleriniň ýerine birek-birege kaşaň sagatlary sowgat bermegi makul görýärler. Bilermenler sagatlaryň häzirki zaman dünýäsinde ebedi söýginiň täze nyşanyna öwrülip biljekdigine ynanýarlar. Sagatlar şahsylaşdyrmak mümkinçiligi bolandygy üçin jübütleri özüne çekýär: onda özboluşly sagat dizaýnyny, materiallary saýlamak, gymmat bahaly daşlar bilen bezemek we ýörite şekilleri goşmak mümkindir. Mundan başga-da, sagatlar maýa goýum we maşgala mirasy hökmünde görülýär.

Sport habarlary

10. Aşgabadyň «Altyn Täç» futbol topary Gamburgda geçirilen «Laola Cup 2024» atly halkara çagalar ýaryşynda üstünlikli çykyş edip, dürli ýaş derejelerinde üç bürünç medal gazandy. Türkmenistanly ýaş türgenler 46-dan gowrak ýurtdan toparlar bilen bäsleşip, ýokary derejeli oýun görkezdiler. Bäsleşige bäş ýaş derejesinde 200 töweregi topar gatnaşdy. «Altyn Täç» toparyna 2009, 2011 we 2013-nji ýyllarda doglan oýunçylardan düzülen üç düzüm wekilçilik etdi.

11. 1-nji awgustda Minskde özboluşly futbol çäresi – 45 ýyl ozal uçar heläkçiliginde aradan çykan «Pahtakoryň» oýunçylarynyň hatyrasyna bagyşlanan «Oýnalmadyk oýun» geçiriler. Duşuşyga «Pahtakoryň» 1979-njy ýyldaky düzüminiň heläkçilige uçran uçarda bolmadyk futbolçylary, şeýle hem SSSR-iň çempionatynyň çäklerinde Daşkendiň topary bilen duşuşmaly Minskiň «Dinamo» toparynyň weteranlary gatnaşarlar. 1979-njy ýylyň 11-nji awgustynda bolup geçen betbagtçylykda jemi 178 adam, şol sanda «Pahtakoryň» 17 oýunçysy we tälimçiler toparynyň agzalary aradan çykdy. Dneprodzeržinskiniň asman giňişliginde iki sany «Tu-134» uçarynyň çaknyşmagy sowet sportunyň taryhynda iň aýylganç betbagtçylyk boldy. Hatyra oýnuna aradan çykan türgenleriň dul galan aýallary we çagalary hormatly myhman hökmünde gatnaşarlar. Stadiona giriş mugt bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň