Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Geçirilmedik duşuşyk» atly futbol çäresi «Pahtakoryň» mundan 45 ýyl ozal aradan çykan futbolçylarynyň hatyrasyna geçiriler

12:2901.08.2024
0
7758

Belarusyň Minsk şäheri 11-nji awgust güni mundan 45 ýyl ozal uçar heläkçiligine uçran Özbegistanyň «Pahtakor» futbol toparynyň hatyrasyna geçiriljek duşuşygy kabul eder. «Geçirilmedik duşuşyk» atly ýatlama çäresiniň çäklerinde Minsk şäheriniň «Dinamosy» bilen özbekleriň «Pahtakorynyň» arasynda ýoldaşlyk duşuşygy geçiriler. Şol gün «Dinamo-Ýuni» stadionynda mundan 1979-njy ýylda geçirilmeli duşuşyk geçiriler.

Şol günki duşuşyga bu iki toparyň düzüminde şol ýyllarda çykyş eden weteran futbolçylar hem çagyrylar. Duşuşykda oýunçylar we eminler şol ýyllardaky futbol lybaslaryny geýerler. Ähli zadyň SSSR-iň 42-nji çempionatyna gabat gelmegi üçin alada edilýär.

1979-njy ýylyň 11-nji awgustynda bolan uçar heläkçiliginde 178 adam aradan çykypdy. Şolaryň 17-si bolsa «Pahtakor» toparynyň tälimçileri we futbolçylarydy.

Futbol janköýerleri şol günüiň ýatlamalaryna beslenjek duşuşyga mugt goýberiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň