Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda «Rossotrudniçestwo» federal agentliginiň goşmaça bilim merkezi açylar

17:4226.07.2024
0
14627

Şu ýylyň ahyryna çenli Türkmenistanda «Rossotrudniçestwo» federal agentliginiň goşmaça bilim merkezi açylar.

«TASS» habarlar agentliginiň ýazmagyna görä, «Rossotrudniçestwo» şu ýyl GDA, Ýakyn Gündogar, Afrika we Aziýa ýurtlarynyň 15-sinde, şol sanda Ermenistanda, Belarus Respublikasynda, Täjigistanda, Türkmenistanda, Özbegistanda, Zambiýada, Marokkoda, Tanzaniýada, Tunisde, Siriýada, Hindistanda hem-de Mongoliýada 25 sany täze goşmaça bilim merkezini açmagy meýilleşdirýär.

Her bir bilim merkezi rus dilindäki okuw-usulyýet gollanmalary we çeper edebiýat eserleri bilen üpjün ediler diýlip çeşmede bellenilýär.

«Goşmaça bilim merkezlerinde medeni-döredijilik çäreleri, rus dili boýunça okuw sapaklary, taýýarlyk fakultetindäki talyplar üçin sapaklar, rus uniwersitetleriniň wekilleriniň geljekki dalaşgärler bilen duşuşyklary, rus ýazyjylarynyň we şahyrlarynyň eserleri barada açyk sapaklar geçiriler» diýip, «Rossotrudniçestwo» federal agentliginiň metbugat beýanatynda bellenilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň