Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

24-nji iýulda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti

11:3624.07.2024
0
9985

Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewi doglan güni bilen gutlady, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçysy Pakistanyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklary geçirdi, Gruziýa bilen Türkmenistany täze ýük howa gatnawy birleşdirýär we beýleki habarlar

Türkmenistanda

1. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Halk Maslahatynyň Başlygy Şawkat Mirziýoýewi güni bilen tüýs ýürekden gutlady we onuň baştutanlygynda Özbegistanyň durmuş-ykdysady ösüşde ägirt uly üstünlikleri gazanandygyny belledi.

2. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow degişli Karara gol çekip, Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gyrgyz toparynyň türkmen böleginiň düzümini tassyklady.

3. Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Yslamabada saparynyň çäklerinde Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Asif Ali Zardari bilen duşuşdy. Söhbetdeşligiň dowamynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky özara gatnaşyklar bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

4. Gruziýanyň «Georgian Airways» awiakompaniýasy Tbilisi – Meýlan – Türkmenabat – Tbilisi ugry boýunça täze ýük howa gatnawyny açdy. Bu ädim Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilendir. Bu ugur 2023-nji ýylyň oktýabr aýyndan bäri Gruziýanyň başga bir awiakompaniýasy «Geosky Georgian International Airlines» tarapyndan amala aşyrylýan ýük howa gatnawynynyň üstüni ýetirer. Olaryň uçuşlary Tbilisi – Çžençžou – Türkmenabat – Saragosa – Tbilisi ugry boýunça amala aşyrylýar.

5. 10 – 12-nji oktýabrda Aşgabatda geçirilýän «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergi we ylmy maslahat geçiriler. Bu çäre Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe gabatlanyp geçirilýär. Sergä dürli ýurtlardan lukmançylyk pudagynyň wekilleri, derman serişdelerini we lukmançylyk enjamlaryny öndürijiler, şeýle hem lukmançylyk hyzmatlaryny hödürleýän kompaniýalar gatnaşarlar.

Dünýäde

6. «Telegram» ulanyjylarynyň sanyny yzygiderli artdyrmagyny dowam etdirýär. Messenjeriň işjeň ulanyjylarynyň sany aýda 950 million adama ýetdi. 2024-nji ýylyň ýazyndan bäri ulanyjylaryň sany eýýäm 50 million adam artdy. 2013-nji ýylda işe girizilen «Telegram» 2022-nji ýylda ilkinji gezek ulanyjy trafigi boýunça «WhatsApp-dan» öňe geçdi. «Telegram-yň» çalt ösmegi onuň beýleki meşhur habarlaşma platformalary bilen üstünlikli bäsleşip, dünýäde öňdebaryjy messenjerleriň birine öwrülendigini tassyklaýar.

7. Meşhur Barbi gurjagyny döreden «Mattel» kompaniýasy oýunjaklar dünýäsinde inklýuziwligiň çäklerini giňeltmegi dowam edýär. Ýakynda kompaniýa iki sany täze görnüşi: brendiň taryhynda ilkinji kör Barbini we Daun sindromly garaýagyz Barbini hödürledi. Amerikanyň körler gaznasy bilen hyzmatdaşlykda döredilen kör Barbi elinde özboluşly ak-gyzyl hasany saklaýar. Gurjagyň eşiklerinde çagalaryň rahatlygy üçin täsirli elementler bar, onuň gaplamasynda bolsa Braýl şrifti ulanylypdyr. «Mattel» kompaniýasynyň bu başlangyjy Patyşalyk milli körler instituty tarapyndan goldanyldy. Institut ösüşinde aýratyn zerurlyklary bolan çagalaryň özlerini beýan etmeklerinde şeýle gurjaklaryň ähmiýetini belledi.

Sport habarlary

8. Türkmenistanyň wekilleri ýakyn wagtda tomusky Olimpiýa oýunlarynyň başlanjak ýeri bolan Pariž şäherine geldiler. Wekiliýetiň düzümi 19 adamdan, şol sanda 6 türgenden ybaratdyr. Türgenler sportuň dört görnüşi – dzýudo, agyr atletika, suwda ýüzmek we ýeňil atletika boýunça çykyş ederler. Oýunlaryň açylyş dabarasy 26-njy iýulda geçiriler. Parižde geçiriljek Olimpiadada 32 sport görnüşi boýunça 329 medal toplumy ugrunda güýç synanyşylar.

9. Türkmenistandan erkin göreşiji Alp Arslan Begenjow Tailandda 20 ýaşa çenli türgenleriň arasynda geçirilen Aziýa çempionatynda altyn medala mynasyp boldy. Türkmen göreşijisi bu üstünligi 79 kilograma çenli agram derejesinde gazandy. final tutluşygynda Alp Arslan Eýranyň wekili Majid Heýrabaddan üstün çykdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň